Biz täze kitaby açýarys. Onuň sahypalary tämiz. Biz olary öz elimiz bilen doldurarys. Kitabyň ady «Mümkinçilik», onuň birinji baby bolsa «Täze ýyl» diýlip atlandyrylýar.
Edit Lawjoý Pirs.
Ertir 365 sahypalyk kitabyň ilkinji sahypasydyr. Ony gowy ýazyň.
Bred Peýsli.
Täze ýylyň manysy – ýene bir mümkinçilige eýe bolmak, bagyşlamaga pursat tapmak. Has gowy iş etmek, has köp zat bermek, has güýçli söýmek we hiç zady alada etmän, durmuşy bolşy ýaly kabul etmekdir.
«Köne Täze ýyl» (film).
Ynsanyň durmuşyndaky her bir Täze ýyl edil gar tozgajygynyň keşdesi ýaly näzik we ýeke-täkdir; ol hem şonuň ýaly çalt we göze ilmän ereýär, pikirimizde bagtyň ajaýyp pursatlaryny, kalpda bolsa ýakymly yzlaryny galdyrýar.
Tigran Babaýan.
Täze ýylyň manysy diňe bir täze ýyla geçmekde däl, eýsem, täze bir ruha eýe bolmakdadyr.
Gilbert Kit Çesterton.
Täze ýylyň manysy ýene bir gezek synanyşmaga, bagyşlamaga mümkinçilik almakdyr. Has gowy bolmaga, has köp zat peşgeş bermäge we durmuşyň her pursadyny arzyly saýmaga tagalla ediň.
Kler Morgan.
Elmydama öz kemçilikleriňiz bilen darkaşda, goňşularyňyz bilen bolsa agzybir boluň, her Täze ýyl özüňizi has gowy ynsan hökmünde ýüze çykaryň.
Benjamin Franklin.
Täze ýyl sowgady, hatda iň kiçijigi hem bolsa, eger ony söýgi bilen berseň, beýik peşgeşe öwrüler.
Jon Wolkot.
Täze ýyl ruhy – hatda gapyny ýalňyşyp açan adamy göreniňde-de begenmegiňdir.
Mihail Mamçiç.
Gyşyň we baýramçylyklaryň golaýlaýan duýgusyny söýýän. Täze ýylyň öň ýanyndaky günler… Arzuwlaryň hasyl bolýan, täsinliklere bolan ynamyň oýanýan günleri!
Oskar Waýld.
PDF









