Şu günler ýurdumyzyň edara kärhanalarynda we medeniýet ojaklarynda ýetip gelýän täze 2022-nji ýyly mynasyp garşylamak üçin yhlasly zähmet gaýnap joşýar. Türkmen kinoçylary hem Türkmenistan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda döwrebap – ilhalar filmleriň ençemesini surata düşürip kino muşdaklarymyzy begendirip gelýärler. Ýaňy ýakynda ýurdumyzyň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň döredijilik topary täze 2022-nji Bars ýylyna bagyşlap “Syrly sowgat” atly gysga göwrümli çeper filmi önümçilige goýberdiler.

Filmiň esasy wakasy ynsan durmuşy bilen hem-de älem ýüzünde bar bolan ähli barlyklar bilen baglanyşykly bolup adamzadyň häzirki döwürdäki ösüş özgerişleri çeper beýan edilýär. Durmuş  synaglarynyň, gutarnykly netijeden, geleňsizlikden we wagtdan ybaratdygy hakyndaky filosofiki wakalar filmiň esasy özenini düzüp filmiň esasy gahrymanynyň biri bolan Aýazbabanyň we hereket edýän beýleki gahrymanlaryň üsti bilen has-da aýdyňlaşýar. Bu film erteki äheňinde surata düşürilip, kino muşdaklarymyza we halkymyza täze ýyl sowgady hökmünde taýýarlanylýar. Filmde ýurdumyzda belli artist Türkmenistanyň halk asrtisti Çary Seýitliýew, şeýle-de ýaş zehinli artist ýigidimiz Annadurdy Täşliýew, Ýazgeldi Işangulyýew, Mekan Gurbanalyýew, Ata Şarlyýew we beýlekiler keşp janlandyryp çykyş edýärler. Filmiň edebi esasyny ýazan “Türkmenfilm” birleşiginiň işgäri ýaş zehinli ýazyjymyz Rahymberdi Annagulyýew. Filmi dörediji topar bu filmi Täze ýyl baýramçylygynyň bellenip geçiljek günleri mawy ekran arkaly tomaşaçylar köpçüligine ýetirmegi maksat edinýärler.

Ýeri gelende ýokarda agzalan filmi surata düşürýän goýujy kinorežissýor Arslan Eýeberdiýew bolup, Arslan Eýeberdiýewiň mundan  öňem ençeme şowly filmleri surata düşürenligini ol filmleriň bolsa halkymyz tarapyndan oňat garşy alnanlygynyda agzap geçesim gelýär.

Bize bolsa “Syrly sowgat” atly täze ýyla bagyşlanyp surata düşürilýän filmiň döredijilik toparyna üstünlik arzuw edäýmek galýar.