Ýur­du­myz­da her ýy­ly üs­tün­lik­li jem­läp, gel­jek ýy­ly my­na­syp zäh­met ga­dam­la­ry bi­len gar­şy­la­mak asylly ýö­rel­gä öw­rül­di. Ta­mam­la­nyp bar­ýan 2025-nji ýy­l hem aja­ýyp öňe­gi­diş­lik­le­riň en­çe­me­si­ni yk­ba­ly­my­za ba­gyş et­di. Ta­mam­lan­ýan ýy­lyň ne­ti­je­le­ri bol­sa, ýe­tip gel­ýän 2026-njy ýy­lyň hem uly rowaçlyklara beslenjek­di­gi­ni de­lil­len­dir­ýär.
Ýa­kyn­da paý­tag­ty­my­zyň gö­zel kün­jek­le­ri­niň bi­rinde ýerleşýän «Älem» me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zin­de Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň hor­ma­ty­na ýur­du­my­zyň Baş ar­ça­sy­nyň yşyk­la­ry­ny ýak­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Ýa­şyl don­ly ar­ça­la­ryň dür­li öwüş­gin­le­ri mer­jen şä­he­ri­miz Aş­ga­ba­dyň görküne görk goşýar. Adam kal­by­ny heý­ja­na sal­ýan Tä­ze ýyl üçin hä­zir­ki gün­ler­de ba­zar­lar­da, söw­da mer­kez­le­rin­de Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ne bo­lan hal­kyň is­le­gi ju­da ýo­ka­ry. Şöh­le saç­ýan şar­ja­gaz­la­ryň, dür­li haý­wan­jyk­la­ryň, be­zeg gar­ja­gaz­la­ry­nyň top­lu­my her bir yn­sa­ny özü­ne ben­di edip, Tä­ze ýyly garşy almaga how­luk­dyr­ýar. Şöh­rat-şa­na bes­le­nen mer­jen şä­her Aş­ga­ba­t bu gün be­ze­men ar­ça­la­ryň el­wan öwüş­gin­le­ri bi­len ýal­kym saç­ýar.
Şu gün­ler­de toý-baý­ram­ly ýur­du­myzyň äh­li ýerin­de owa­dan hem be­lent ar­ça­lar otur­dy­lyp, baý­ram­çy­lyk be­zeg­le­ri giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Dür­li öwüş­gin saç­ýan çy­ra­jyk­lar, yşyk­lan­dy­ry­jy be­zeg­ler­den eme­le ge­len owa­dan ly­ba­sa bes­le­nen ar­ça­laryň tö­we­re­gi­ne müň­ler­çe adam­ ýyg­na­nyp, bi­rek-bi­re­ge aba­dan­çy­lyk, bag­ty­ýar­lyk ar­zuw­la­ýar­lar.
Şu ýy­lyň 5-nji de­kab­ryn­dan baş­lap Tä­ze ýyl baý­ram­çy­lyk söw­da­la­ry­na ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da hem-de Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de ýer­leş­ýän söw­da mer­kez­le­rin­de, ba­zar­lar­da, dü­kan­lar­da ba­dal­ga be­ril­di. Söw­da no­kat­la­ryn­da­ky azyk bol­çu­ly­gy­nyň türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­si­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Olar da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni ýyl­sa­ýyn art­dyr­ýar­lar. Paý­tag­ty­myz­da­ky we se­bit­ler­dä­ki söw­da mer­kez­le­rin­de, ba­zar­lar­da süýt we et önüm­le­rin­den baş­lap, süý­jü­le­ri, ka­ka­dy­lan mi­we­le­ri, gök önüm­le­ri, kon­ser­wir­le­nen önüm­le­re çen­li türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň ön­dür­ýän dür­li önüm­le­ri­ni sa­tyn al­mak bol­ýar.
Ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Tä­ze ýyl baý­ram­çy­lygyny şat­lyk-şow­hun­da ge­çir­mek üçin uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Jem­gy­ýet­çi­lik bi­na­la­ry­nyň öňün­de owa­dan ar­ça­lar otur­dyl­ýar, şä­he­ri­mi­ziň kö­çe­le­ri­niň ug­run­da­ky da­ragt­la­ry dür­li öwüş­gin­li çy­ra­jyk­lar be­ze­ýär, meý­dan­ça­lar­dyr se­ýil­gäh­ler şow­hun­ly kon­sert meý­dan­ça­la­ry­na öw­rül­mä­ge ta­ýyn­lan­ýar. We­la­ýat­lar­da, et­rap­lar­da we şä­her­çe­ler­de Tä­ze ýyl baý­ra­my my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar ge­çi­ril­ýär. Umu­man, hal­ky­myz Tä­ze – 2026-njy ýy­ly uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy­la­ýar.

Jumamyrat GARÝAGDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.