29-njy dekabrda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda täze gurlan jaýlaryň açylyş dabarasynda we paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýyş jaýlaryndan mätäçlik çekýän raýatlarymyza, şeýle hem Mary şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasynda ildeşlerimize täze öýleriň açarlary gowşuryldy. Köp gatly täze ýaşaýyş jaýlaryndan öýlere eýe bolmak olaryň bagtyýar maşgalalary üçin Täze ýyl baýramyna ajaýyp sowgat boldy.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleriniň häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi arkaly Aşgabat şäheriniň barha özgerip, dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygyny nygtadylar. Şäher ilatynyň göwnejaý ýaşaýşy we döredijilikli zähmeti üçin ähli amatlyklaryň, oňaýly daşky gurşawyň döredilmegi, ilatyň wagtyny peýdaly geçirmegi ugrunda zerur amatlyklaryň üpjün edilmegi paýtagtymyzyň ösüşiniň möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda Aşgabatda ähli durmuş üpjünçilik düzümlerini özünde jemleýän täze ýaşaýyş jaý toplumlary, seýilgäh zolaklary emele geldi.
Täze ýaşaýyş jaýyň öýleriniň açarlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylýan pursatlary has-da täsirli boldy. Bagtyýar öý eýeleri açarlary ýüzlerine sylyp kabul edýän bu pursatlaryň ömürlik ýatlarynda galjakdygyny nygtadylar.