“Ama­zon” 2022-nji ýyl­da tä­ze­le­nip bil­ýän ener­gi­ýa kuw­wa­ty­ny 8,3 GW art­dy­ryp, umu­my kuw­wa­ty­ny 20 GW-dan gow­rak ýo­kar­lan­dyr­dy. In­di kom­pa­ni­ýa­nyň ener­gi­ýa be­ket­le­ri mil­li­on­lar­ça öýi aras­sa ener­gi­ýa bi­len üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­ret­di. Ba­zar ka­pi­ta­ly bo­ýun­ça iň uly glo­bal kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­mek uly jo­gap­kär­çi­lik ta­lap ed­ýär. Amal­lar nä­çe uly bol­sa, has köp ener­gi­ýa sarp et­me­gi, ug­le­rod zy­ňyn­dy­la­ry we ş.m. daş­ky gur­şa­wa zy­ýan ýe­ti­rip bil­ýär.
Şeý­le bo­lan­soň, bö­lek söw­da ägir­di gir­de­ji­si­niň 200%-den gow­rak ýo­kar­lan­ma­gy bi­len öz işi­niň art­ýan­dy­gy­ny gör­kez­di. Kom­pa­ni­ýa gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa tas­la­ma­la­ry­na we daş­ky gur­şa­wa tä­si­ri­ni azalt­mak üçin beý­le­ki dur­nuk­ly ugur­la­ra ma­ýa goý­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär. 2014-nji ýyl­dan bä­ri “Ama­zon” ha­ryt­la­ryň gap­la­ma­la­ry­ny has ne­ti­je­li et­mä­ge sy­na­nyş­mak bi­len, flo­tu­na tä­ze­le­nip bil­ýän ener­gi­ýa kuw­wa­ty­ny we elekt­rik ulag­la­ry­ny goş­mak bi­len öz işi­ni dün­ýä de­re­je­sin­de çöz­mek we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.
Elekt­ron söw­da ägir­di aras­sa ener­gi­ýa­dan has köp peý­da­lan­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri­ni do­wam et­dir­ýär. 2025-nji ýy­la çen­li äh­li des­ga­la­ryn­da sarp edil­ýän ener­gi­ýa­ny aras­sa çeş­me­ler­den üp­jün et­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu mak­sa­da ýet­mek üçin “Ama­zon” ge­çen ýyl dün­ýä­niň 11 ýur­dun­da 133 tä­ze tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­di. Ola­ryň umu­my önüm­çi­lik kuw­wa­ty 8,3 GWt-a ba­ra­bar. Kom­pa­ni­ýa je­mi 22 ýurt­da 401 tas­la­ma­ny (164 ýel fer­ma­sy, 237 üçek­de otur­dy­lan Gün pa­ne­li) dur­mu­şa ge­çir­di. Şeý­le­lik­de “Ama­zon” di­ňe bö­lek söw­da­da däl, tä­ze­len­ýän ener­gi­ýa pu­da­gy­na hem ma­ýa go­ýum gö­nük­dir­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di.
Soň­ky ýyl­lar­da kom­pa­ni­ýa daş­ky gur­şa­wa ýe­ti­ril­ýän zy­ýa­ny azalt­mak üçin ha­ryt­la­ryň gap­la­ma­sy­nyň ag­ra­my­ny hem ep-es­li de­re­je­de azalt­dy.

Nur­gö­zel Gur­ba­no­wa, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.