1966-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda Tbilisi metrosy açylýar. Bu ýerasty demir ýol ulgamy ozalky Sowet Soýuzyndaky dördünji metrodyr. Ondan öň Moskwada, Leningradda (häzirki Sankt-Peterburg) we Kiýewde metro bardy. Tbilisi metrosynyň stansiýalary hem edil Sowet ýurtlaryndaky beýleki metrolar ýaly owadan bezegleri bilen tanalýar.
Gruziýanyň paýtagtyndaky metronyň häzirki wagtda iki şahasy bolup, umumy uzynlygy 27,3 kilometre ýetýär. Metronyň jemi 23 stansiýasy bar. Ýerasty jemgyýetçilik ulagy her ýyl 110 milliondan gowrak ýolagça hyzmat edýär.