Dünýä ýüzünde ekologiýa babatynda döreýän meseleler adamyň tebigata edýän täsiriniň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak, ýaş nesillerde tebigata bolan söýgüni ösdürmek ýurdumyzda döwlet derejesindäki syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Çünki ekologiýa, daşky gurşaw adamzadyň ýaşaýyş-durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Ol diňe bir gözellik manysynda düşünilmän, eýsem ýaşaýşyň dowamlylygyny üpjün edýän çeşme hökmünde kabul edilýär. Tebigy baýlyklar, ýagny suw, howa, toprak we biologiki dürlüligiň barlygy adamlaryň ýaşaýyş derejesine gönüden-göni täsir edýär. Şonuň üçin ekologiýany, daşky gurşawy goramak we onuň baýlyklaryndan rejeli, tygşytly peýdalanmak häzirkizaman jemgyýetiniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Ýurdumyzda we bütindünýäde ekologiýany goramak boýunça edilýän işler diňe bir häzirki döwrüň däl, eýsem geljek nesilleriň hem bähbitlerine hyzmat edýär. Şunda tebigata, ekologiýa jogapkärçilikli çemeleşmek bolsa durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.
Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde ýurdumyzda her ýylda geçirilýän ählihalk bag ekmek çäreleri aýratyn bellärliklidir. Şu ýyl ýazky ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda-da bir günde tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 632 müň 498 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 260 müň 836 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi. Bu bolsa, sebitde amatly howa gurşawynyň döremegine getirýär. Arassa howa gurşawy bolsa adamlaryň ýaşaýşynyň baş şertidir.


Türkmenistanyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak syýasaty
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyz tebigy baýlyklary, olaryň biologiki köpdürliligini, suw we toprak serişdelerini goramak hem-de rejeli peýdalanmak boýunça möhüm işleri durmuşa geçirilýär. Şunda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda daşky gurşawy goramak baradaky kadalar görkezilip, raýatlaryň tebigaty goramak borjy kanun esasynda berkidilendir. Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak syýasaty durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, ekologik deňagramlylygyň saklanylmagyna we ýaşaýşyň hiliniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen strategiki ugur bolup çykyş edýär. Şeýle hem, ýurdumyzda “Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 2020 – 2040-njy ýyllar üçin Milli strategiýasy” kabul edilip, ol bu ugurda alnyp barylýan işleri toplumlaýyn we ylmy taýdan esaslandyrylan görnüşde ýola goýýar. Strategiýa howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, onuň hiliniň gowulanmagyna, suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna, çölleşmä garşy göreşe we tebigy ýerleriň dikeldilmegine gönükdirilendir.
Şeýle-de bolsa, hiç bir ýurt howanyň üýtgemegine garşy ýekelikde göreşip bilmeýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Merkezi Aziýa—Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy ýaly ýöriteleşdirilen edaralary, şeýle hem Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.
Şeýle hyzmatdaşlyklaryň çäginde ýurdumyzda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ýokary derejeli netijeli maslahatlar geçirilýär. Şolaryň biri hem 13-14-nji maýda Bütindünýä Bankynyň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) goldaw bermeginde Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygynda geçirilen, ýagny şu gün tamamlanan Howanyň Üýtgemegi Boýunça Merkezi Aziýa Maslahatydyr.
Mundan başga-da, Türkmenistan BMG-niň daşky gurşaw bilen baglanyşykly birnäçe Konwensiýalarynyň agzasy bolup, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, häzirkizaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Çünki, häzirki wagtda ekologiýa meseleleri dünýä jemgyýetçiliginden täze innowasion dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi talap edýär. Sebäbi bu gün ekologiýa bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşygyna adamzadyň durmuş-ýaşaýşy, ösüşi, geljegi, gönüden-göni bagly bolup durýar.
Sebitleýin hereket
Howanyň üýtgemegi boýunça barha çylşyrymlaşýan meseleleriň öňüni almakda Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) ýurtlary tarapyndan howanyň üýtgemeginiň barha artýan täsirlerine garşy göreşmek we sebitde durnukly çözgütleri tapmak üçin utgaşdyrylan sebitleýin çäre zerur.
Howanyň üýtgemegi serhetaşa suw çeşmelerine we serhetlerden geçýän howanyň hapalanmagyna täsir edýär. Alnyp barylýan milli howa hereketleri Pariž ylalaşygyna we Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelmelidir. Şonuň üçin bu sebitleýin çemeleşme hem ähli gyzyklanýan taraplaryň tagallalaryny birleşdirip has täsirli çözgütleri berip biler. CAREC maksatnamasy, merkezi aziýa we beýleki ýurtlaryň durnukly ösüş üçin boýunça hyzmatdaşlygynda, howanyň üýtgemeginiň möhüm meselelerini bilelikde çözmekdäki taslamany üpjün edýär.
Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin sebitleýin çemeleşme oba hojalygynyň ulgamlaryny ösdürmekde häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak, az uglerodly energiýa ulgamyna geçmegi goldamak, ulagyň uglerod zyňyndysyny azaltmak, ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmek, howa we howanyň gözegçiligi, maglumatlary paýlaşmak we maliýeleşdirmegi gowulandyrmak üçin betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini dolandyrmagy ýokarlandyrmak ýaly çäreleri talap edýär.

Gyzylgül AMANLYÝEWA,
“ZamanTürkmenistan”.