Ba­har pas­lyn­da baý­ram­lar baý­ram­la­ra, toý­lar to­ýa ulaş­ýar. Yn­ha, ýe­ne-de san­ly­ja gün­­den Mil­li ba­har baý­ra­my ýur­du­myz­da şat­lyk-şow­hu­na bes­le­nip bel­le­ni­ler. Mil­li ba­har baý­ra­my – Hal­ka­ra Now­ruz gü­ni dost-do­gan­ly­gyň baý­ra­my­dyr. Bu baý­ram her bir ada­ma ýa­kym­ly pur­sat­la­ry, şat­ly­gy, buý­san­jy ba­gyş ed­ýär. Mu­nuň özi te­bi­ga­tyň iň gö­zel pur­sat­la­ry­nyň, uly ru­hu­be­lent­li­giň be­ýa­ny­dyr.
Ba­har pas­ly Ze­mi­niň tä­ze­den jan­lan­ýan, ösüm­lik­le­riň parç bo­lup açyl­ýan möw­sü­mi ha­sap edil­ýär. Ol te­bi­gat­da bo­lup geç­ýän tä­ze­le­ni­şi, jan­la­ny­şy aň­la­dyp­dyr. Bu­la­ryň äh­li­si yn­sa­nyň köň­lün­de baý­ram­çy­lyk ru­hu­ny dö­red­ýär.
Ba­har pas­ly­nyň aja­ýyp baý­ram­çy­ly­gy­nyň bel­len­ýän gün­le­rin­de ýur­du­myz­da äh­li­halk bak ek­mek da­ba­ra­sy­ny hem ge­çir­mek bel­le­nil­di. Ge­çen ýyl­lar­da bol­şy ýa­ly, «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň ýaz­ky möw­sü­min­de sa­ýa­ly, pür­li, mi­we­li bag na­hal­la­ry­ny oturt­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, hä­zir­ki gün­ler­de bag na­hal­la­ry­ny möw­sü­me taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mil­li hem-de äh­lu­mu­my möç­ber­de eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne tu­tuş ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga bü­re­mä­ge gö­nük­di­ri­len Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­nuň özi adam­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak hem-de do­ly de­re­je­li ýa­şaý­şy we dynç al­şy üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek we­zi­pe­le­rin­den yba­rat­dyr. Ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa amat­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len köp­çü­lik­le­ýin bag na­hal­la­ry­ny ek­mek çä­re­si­ne hem­me­ler bir adam ýa­ly bo­lup gat­naş­ýar. Bu so­gap­ly işe ýaş ne­sil­le­riň hem iş­jeň gat­naş­magy mil­li ýö­rel­ge­le­riň döw­re­bap de­re­je­de ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Çün­ki türk­men ilin­de bag ek­mek bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ra aý­ra­tyn ga­dyr go­ýul­ýar. Hal­ky­myz ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän bagla­ra gu­wa­nyp, ony eken adam­la­ry ýag­şy­lyk­da ýat­la­ýar. «Ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýet» kon­sep­si­ýa­sy döw­rüň ta­la­by bo­lan yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da te­bi­gy se­riş­de­le­ri tyg­şyt­ly ulan­mak we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­çi­li­gi ýo­la goý­mak iş­le­ri­ne ba­dal­ga ber­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň her bir kün­je­gin­de köp­çü­lik­le­ýin bag ek­mek da­ba­ra­la­ry di­ňe bir eko­lo­gi­ýa çä­re­si däl-de, eý­sem, tä­ze ta­ry­hy döw­rüň me­de­ni­ýe­ti­dir. Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ekil­ýän bag­lar ýur­du­my­zyň ho­wa­sy­nyň aras­sa­lan­ma­gy­na, bio­lo­gik dür­lü­li­giň sak­lan­ma­gy­na we çöl­leş­mä gar­şy gö­re­şe uly go­şant goş­ýar. Ba­gy-bos­san­lyk – bu te­bi­ga­tyň «jan­ly öý­ke­ni­dir». Çün­ki yn­san te­bi­gat­dan dem al­ýar. Her bir al­ýan de­mi­miz te­bi­ga­tyň ho­wa­sy­na, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa­ly­gy­na bag­ly bo­lup dur­ýar.
Ho­wa­my­zyň tä­miz­li­gi öm­rü­mi­ziň do­wam­ly­ly­gy­dyr. Goý, eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­ni da­ba­ra­lan­dyr­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Nurgözel ÝAZYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.