Alymlar adamlaryň tebigata has güýçli baglanyşygy bolan ýurtlary kesgitlediler. Bu barlaglra 61 ýurtdan 57 müň adam gatnaşdy. Barlaglarda medeni, ykdysady we geografik faktorlaryň adamlaryň tebigata bolan garaýyşlaryna nähili täsir edýändigini ýüze çykardy.
Sanawda Nepal birinji orny eýeledi, ondan soň Eýran, Günorta Afrika Respublikasy, Bangladeş we Nigeriýa gelýär. Çili, Horwatiýa, Gana, Bolgariýa we Tunis hem ilkinji 10-luga girdi. Alymlar ilkinji 10-luga diňe iki Ýewropa ýurdunyň girendigini bellediler. Sanawda soňky alty orny Niderlandlar, Kanada, Germaniýa, Ysraýyl, Ýaponiýa we Ispaniýa eýeledi.
Bu kontekstdäki “tebigat bilen baglanyşyk” düşünjesi adamyň durmuşyň beýleki görnüşlerine psihologiki ýakynlygyny görkezýär. Barlaglara görä, tebigat bilen baglanyşyk psihologik abadançylygy gowulandyrýar we biodürlüligiň goralmagyna ýardam edýär.
Barlaglaryň netijeleri ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň tebigata has az baglanyşygynyň bardygyny görkezdi. Bilermenleriň pikiriçe, tehnologik ösüş adamzada uly peýda getirdi, ýöne tebigy ekoulgamlaryň ýok edilmegi ýaly “garaşylmadyk kynçylyklary” hem getirdi. Alymlaryň aýtmagyna görä, adamlar bilen tebigatyň arasyndaky boşlugy doldurmak üçin “tehnologik taýdan ösüş bilen ruhy ewolýusiýanyň arasyndaky deňagramlylygy” gazanmaly.
Mundan öň bilermenler Amazon tokaýlarynyň soňky 40 ýylyň dowamynda ýok edilmeginiň möçberini ýüze çykardylar. Barlaglarda bu döwürde jeňňelleriň Ispaniýanyň meýdany ýaly çäkleri ýitirendigi anyklandy. 1985-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli 49 million gektardan gowrak agaç kesilipdir.