Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň we “Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde gurnamagynda Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Çärjew etrap Komitetiniň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda “Lebapgazçykaryş” müdirliginde “Ýangyn howpundan goranalyň!” ady bilen okuw maslahaty geçirildi. Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde Diýarymyzyň tokaý-seýilgäh zolaklarynda daş töwerege görk berip duran tokaýlary, hoşboý ysly tämiz gülleri, agaç nahallaryny we beýleki durmuş ähmiýetli binalary, kärhanalary, ýaşaýyş jaý toplumlaryny ýangyndan goramagyň sazlaşykly işleri ýola goýuldy. Okuw maslahatynda çykyş edenler ýangyn howpundan goranmagyň düzgünleri giňden düşündirilip, ýörite görkezme esbaplaryň üsti bilen giňden beýan edildi. Dynç alyş günleri we işden boş wagtlary watandaşlarynyň maşgala bolup tokaý-seýilgäh zolaklaryna gezelenje çykanlarynda ýangyn howpundan ägä bolmaklary wagyz edildi. Çünki, bir agaç bir gije-gündiziň dowamynda ortaça 3 adamyň zerur bolan kislorody bölüp çykarýan bolsa, 1 ýylyň dowamynda tokaý-seýilgäh zolaklaryň her gektary 50-den 70 tonna çenli tozany özüne siňdirip ekologiýa taýdan arassa howany üpjün edilýändigi ýetirildi. Tebigat biziň ählimiziň göz guwanjymyzdyr, ony gorap saklamak ählimiziň borjumyzdyr! Biz eziz Diýarymyzyň gözel we baý tebigatynyň, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň aýawly saklanmagy ugrunda jogapkärlidiris.
Duşuşygyň esasy maksady tebigatymyzyň eçilen gözelliklerini wasp etmekden şeýle-de ýangyn howpunyň öňüni almagyny wagyz etmekden ybarat boldy.
Çykyşlaryň dürli görkezme esbaplar, gerbäpler bilen baýlaşdyrylmagy bolsa olaryň täsirligini artdyrdy.
Çeper Jumaýewa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.
PDF









