Tokaý seýilgählerinde, daglarda, örülerdir sähralarda ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini üpjün etmek şu günki günde esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Hut şol wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýaz paslynyň dowam edýän günlerinde ýangyn howpsuzlygy kadalaryny berjaý etmek boýunça esasy ýerine ýetirilmeli gaýragoýulmasyz çäreler hökmünde şulary maslahat berýär:
Tokaý seýilgählerinde, daglarda, öri we sähra meýdanlarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlygynyň gaýragoýulmasyz çäreleri barada gözükdiriş gürrüňdeşliklerini geçirmeli, berkidilen çäklerde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý ediji diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriji enjamlar bilen üpjün edilen ýangyn germewleri oturdylmaly.
Baglaryň arasyndaky guran haşal otlary arassalap, agaçlaryň hatar hem-de zolak aralarynda sürüm işlerini geçirip, ýangyn howpsuzlyk zolagyny döretmeli. Uly agaçlaryň elektrik tok geçirijileri bilen galtaşýan ýerlerinde ýangyn howpunyň döremezligi üçin päsgel berýän şahalardyr pürleri kesip aýyrmaly. Çäklerde işledilýän tehnikalaryň tüsse çykarýan abzallary uçgun söndüriş enjamlary bilen berk ýapylyp, tehniki ýagdaýyň elmydama gurat bolmagyny gözegçilikde saklamaly. Işledilýän tehnikalary ilkinji ýangyn söndüriş enjamlary bolan keçe, pil, palta, çäge, suw, ot söndüriş enjamlary bilen üpjün edip, başga maksatlar üçin ulanmazdan, abat ýagdaýda saklamaly. Çäklerde çalgy ýaglary, ýeňil ýanyjy suwuklyklar siňen esgileri taşlap gitmek, guran haşal otlary ýakmak, doly söndürilmedik otluçöp, çilim galyndylaryny taşlamak gadagandyr. Bu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin tokaý zolaklarynda ot ýakmazlyk baradaky suratly ýatlatmalar görnükli edilip goýulmaly. Şeýle-de, boşan çüýşe gaplary meýdanda galdyrmak howpludyr. Sebäbi çüýşeden Günüň şöhlesiniň ugruny üýtgedip geçmegi bilen ýangyn döräp bilýär. Çäklerde kebşirleýiş işlerini geçirmäge rugsady bolan adamlar ol işleriň geçiriljek ýerlerini ot-çöplerden arassalamak arkaly, daş-töwerege uçgun ýaýramaz ýaly, oda dözümli diwar gurmaly, elujunda ot söndüriş serişdeleri bilen üpjün edip, işe girişmeli. Işler tamamlanandan soňra birnäçe wagtlap gözegçilik edip, oduň tutaşmagyna sebäp bolup biljek uçgunlaryň galmandygyna göz ýetirilenden soň, işlenen ýerden gaýtmaly.
Hemmämiz Watanymyzyň gözel tebigatynyň, baý ösümlik we haýwanat dünýäsiniň abat bolmagyna jogapkärdiris. Çünki, munuň özi geljekde ýurdumyzyň ösümlik köpdürliligini gorap saklamaga, ony geljekki nesillere miras galdyrmaga ýardam eder.
Yhlas Miriýew,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň döwlet ýangyn gözegçilik bölümçesiniň müdiri-uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.
PDF









