Gül­li meý­da­ny ha­la­ýan mör-mö­jek­le­riň bi­ri hem ke­be­lek­dir. Ýer ýü­zün­de ke­be­le­giň 17 müň 500-den gow­rak gör­nü­şi bar. Bu owa­dan we ki­çi­jik jan­dar­la­ryň kä­bi­ri ba­ry-ýo­gy bir gün ýa­şa­ýan bol­sa, 11 aý­lap uzak ýa­şa­ýan gör­nüş­le­ri hem bar. Dün­ýä­de iň uly ke­be­lek Şa ze­nan Alek­sand­ra­nyň guş ke­be­lek­le­ri (Or­nit­hop­te­ra alexand­rae) bo­lup, ga­na­ty­nyň uzyn­ly­gy 27 san­ti­met­re ýet­ýär. Iň ki­çi ke­be­lek Gün­ba­tar pig­ma ma­wy ke­be­le­gi (Brep­hi­di­um exilis) bo­lup, 12-20 mil­li­met­re ýet­ýän ga­na­ty bar. Ke­be­lek­le­riň köp gör­nü­şi­niň reň­ki we ga­na­tyn­da­ky na­gyş­la­ry ýa­şa­ýan ýe­ri­niň te­bi­ga­ty­na gö­rä üýt­gäp dur­ýar. Bu owa­dan mör-mö­jek­le­riň daş­ky howp­lar­dan go­ran­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Bu jan­dar­la­ryň no­kat ýa­ly­jak ag­zy bo­lup, tä­sin ýag­daý­da iý­mit­len­ýär­ler. Ke­be­lek­ler gö­zü­niň aşa­gyn­da­ky tow­la­nyp du­ran in­çe­jik mur­ty bi­len gül­le­riň su­wu­ny we şi­re­si­ni sor­ýar­lar. Çe­per ede­bi­ýat­da per­wa­na diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu jan­dar­lar gül­le­riň şi­re­si­niň ta­ga­my­ny aýa­gy bi­len duý­ýar­lar. Adat­ça, per­wa­na­la­ryň kö­pü­si il­ki aýa­gy bi­len gü­lüň şi­re­si­ni da­dyp gör­ýär­ler. Eger ha­la­sa­lar, gü­lüň şi­re­si­ni hol­tu­my (mur­ty) bi­len sor­ýar­lar.
Ke­be­lek­ler gi­je we gün­diz he­re­ket ed­ýän iki to­pa­ra bö­lün­ýär­ler. Bu mör-mö­jek­le­riň ýag­ty­da we ga­raň­ky­da uç­ma­gy iý­mit­le­niş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da üýt­gäp dur­ýar. Adat­ça gi­je uç­ýan ke­be­lek­le­riň göw­re­si uly bo­lup, ys al­mak­da we eşit­mek­de duý­gur bol­ýar­lar. Gi­je­si­ne awa çyk­ýan ke­be­lek­ler 5 ki­lo­metr uzak­lyk­dan gü­lüň ysy­ny alyp bil­ýär­ler. Gün­di­zi­ne uç­ýan ke­be­lek­ler ki­çi hem-de ejiz bo­lup, o di­ýen duý­gur bol­ma­ýar­lar. Şeý­le hem pes­saý­lap, ha­ýal uç­ýar­lar. Şol se­bäp­li gün­di­zi­ne gül­li ýa-da ýo­run­ja­ly meý­dan­da uçup ýö­ren ke­be­lek­le­ri aň­sat­lyk bi­len tu­tup bol­ýar.
Ke­be­lek­le­riň kä­bir gör­nü­şi edil guş­lar ýa­ly uzak ara­ly­ga uçup bil­ýär­ler. Hat­da guş­lar ýa­ly, gyş­la­ma­ga gid­ýän gör­nüş­le­ri hem bar. Bu­lar uzak ýa­şa­ýan ke­be­lek­ler bo­lup, yzy­na do­la­nyp gel­ýän­çä bir­nä­çe ne­sil ça­lyş­ýar. Ke­be­lek­le­riň hem beý­le­ki mör-mö­jek­ler ýa­ly gyş uku­sy­na gid­ýän gör­nüş­le­ri bar. Owa­dan jan­dar­la­ryň için­de zä­her­li gör­nüş­le­ri hem bo­lup, bu ke­be­lek­ler, esa­san, Af­ri­ka­da we Ame­ri­ka­da duş gel­ýär.