Adamzat gadymy döwürlerden bäri tebigatyň baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak barada dürli çäreleri durmuşa geçirip gelipdir. Bulara mal bakylýan öri meýdanlarynyň ösümlik örtügini goramak maksady bilen, wagtal-wagtal çalşyryp durmak, guşlaryň we beýleki awlanýan haýwanlaryň köpelýän döwründe olary awlamagy gadagan etmek ýaly ençeme ynsanperwer çäreler degişlidir.
Tebigatymyzyň dürli görnüşli ösümlikleri bolup, bu ösümlikleriň gurap başlamagy bilen tebigatda ýangyn döremek howpy ýüze çykýar. Tokaý-seýilgäh zolaklarynda, öri meýdanlarda, adamlaryň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi örän zerur meseleleriň biridir.
Ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan paýtagtymyzda we onuň daş-töwereginde hem-de şäherlerdir etraplarda ekilen agaç nahallary boý alyp, uly daragtlara öwrüldi. Bu ajaýyp gözelligi ýangyn howpundan goramak her birimiziň borjumyzdyr. Şonuň üçin agaçlaryň aralyklary guran haşal otlardan wagtynda arassalanyp, sürüm işleri geçirilmelidir. Her bir bölünip berlen çäkler ilkinji ýangyn söndüriji serişdeler bilen üpjün edilmelidir.
Tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny ýangyn howpundan gorap saklamak üçin Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri tarapyndan «Ýangynlaryň öňüni almak we dörän ýangynlary guramaçylykly söndürmek baradaky» kararlar kabul edilýär. Şol kararlarda tomus paslynyň ýangyn howply möwsüminde gözel tebigatymyzda adamlaryň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde raýatlara açyk otdan peýdalanmak gadagan edilýär.
Howanyň yssy günleri ildeşlerimiz maşgalalary bilen tämiz howaly, akar suwly tokaý-seýilgäh zolaklarynda dynç alýarlar. Ot ýakmagyň özboluşly düzgünleri berjaý edilmese, ýangynyň ýüze çykmak howpy döräp bilýär. Aşgabat şäherinde we welaýatlarda köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde ot ýakmak doly gadagan edilen. Eger-de çykgynsyz ýagdaýa düşülende ot ýakmak üçin çägeli ýa-da akar suwuň golaýyndaky daşly ýer saýlanmalydyr. Ot ýakylmazdan öň ot ýakyljak ýeriň 15 metr daş-töweregi guran ot-çöplerden topraga çenli arassalanmalydyr. Ýarym metr çuňlukda oý ýerde ýa-da ot ýakyljak ýer daşly bolanda, töweregine daşlary örmelidir. Otdan peýdalanyp bolandan soň suw sepilip ýa-da gum, çäge sürlüp doly söndürilmelidir.
Köpçülikleýin dynç alyş ýerlerinde söndürilmedik çilim, otluçöp galyndysyny taşlamak howpludyr. Şeýle-de dynç alyş ýerlerinde çüýşe gaplary we aýna döwüklerini galdyrmaly däl, sebäbi şol aýna gaplardan Gün şöhlesiniň ugruny üýtgedip geçmegi bilen ýangynyň döremegine sebäp bolmagy mümkindir.
Dynç almaga köp adam özleriniň şahsy awtoulaglary bilen gidýärler, kähalatlarda bolsa awtoulaglar bilen guran ot-çöpleriň üstüni basalap sürýärler. Bu bolsa iň howply ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna getirýär. Sebäbi awtoulagyň tüsseçykaryndan uçgunlaryň çykmagy we guran ot-çöplere uçgunyň düşmegi ýangynyň döremegine getirýär. Kähalatlarda bolsa dynç alyş ýerlerinde awtoulaglarda bejeriş-abatlama işleri geçirilip, elini ýa-da awtoulagyň şaýlaryny esgi bilen süpürip, şol ýag-ýangyç siňen esgini guran ot-çöpleriň üstüne taşlap gidýärler. Bu hem howply ýagdaýlara getirip bilýär. Sebäbi ýag siňen esginiň yssy howanyň täsiri bilen ýanmagy hem-de tebigatymyzyň gaýtalanmajak gözelligine uly zeper ýetirmegi mümkindir.
Gözel tebigatymyzyň öri meýdanlarynda howanyň yssy wagty ýangyn döremek howpy emele gelýär. Şol sebäpden mallary suwa ýakylýan guýularyň 500 metr daş-töwereginde ini 3,5 metrden az bolmadyk iki sany araçäklerde hem-de öri meýdanlaryň we demir ýollaryň ýakalarynda däne ekin meýdanlary ýa-da üzüm agaçlary bar bolan daýhan birleşikleri, şolaryň daş-töweregini ini 10 metrden az bolmadyk araçäklerde sürüm işleri geçirilmelidir.
Demir, gara ýollaryň ýakalaryndaky ýerlerde ini 4 metr bolan ýangyna garşy araçäkleri sürülmelidir.
Öri meýdanlarynda dürli işleri amala aşyrýan geologiýa-gözleg ekspedisiýalarynyň wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň 30 metr daş-töweregi guran otlardan arassalanmalydyr.
Ýurdumyzyň çägindäki eýeçiliginiň görnüşine garamazdan edara-kärhanalaryň, guramalaryň ählisi öri meýdanlarda, çöllerde, daglarda we tokaýlarda islendik işler geçirilende ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini doly berjaý etmäge borçludyr.
Yhlas Miriýew,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň döwlet ýangyn gözegçilik bölümçesiniň müdiri-uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.