San­ly ul­ga­myň ös­me­gi dün­ýä­de bu ugur­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň hem gir­de­ji­le­ri­ni art­dyr­ýar. «Micro­soft», «Me­ta» we IBM ýa­ly iri kom­pa­ni­ýa­lar ge­çen ýy­lyň soň­ky çär­ýe­gi­ne de­giş­li gir­de­ji­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat ýaý­rat­dy.
Prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan «Micro­soft»-yň gir­de­ji­si ag­zal­ýan dö­wür­de 17 gö­te­rim ar­typ, 81,3 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na ýe­tip­dir. Kom­pa­ni­ýa­nyň aras­sa peý­da­sy 60 gö­te­rim ar­typ, 38,5 mil­liard dol­la­ra ýe­tip­dir. Bren­diň her bir paý­na­ma­sy 3,23 dol­lar­dan 5,16 dol­la­ra çy­kyp­dyr.
«Facebook», «Ins­tag­ram» we «What­sApp» plat­for­ma­la­ry­na eýe­çi­lik ed­ýän «Me­ta» ge­çen ýy­lyň soň­ky çär­ýe­gin­de gir­de­ji­si­ni 24 gö­te­rim art­dy­ryp, 59,9 mil­liard dol­la­ra, aras­sa peý­da­sy­ny 9 gö­te­rim ýokarlan­dy­ryp, 22,8 mil­liard dol­la­ra ýe­ti­rip­dir. 2024-nji ýy­lyň ahy­ryn­da 8,02 dol­lar bo­lan paý­na­ma­la­ry bol­sa, 8,88 dol­la­ra çy­kyp­dyr.
Komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri bo­lan IBM-iň gir­de­ji­si 12 gö­te­rim ösüp, 19,7 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na ýe­tip­dir. Kom­pa­ni­ýa­nyň aras­sa peý­da­sy 91 gö­te­rim ar­typ, 5,6 mil­liard dol­lar bo­lup­dyr.

Hangeldi Piriýew,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.