«Microsoft» hem-de «Meta» kompaniýalarynyň girdejileri ýylyň ikinji çärýeginde artdy. Programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan «Microsoft»-yň girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 18% ýokarlanyp, 76,4 milliard amerikan dollaryna ýetipdir. Kompaniýa geçen ýylyň ikinji çärýeginde 64,7 milliard amerikan dollary girdeji gazanypdyr. «Microsoft»-yň arassa peýdasy bolsa 24% ýokarlanyp, 27,2 milliard amerikan dollaryna ýetipdir.
«Facebook», «Instagram» we «WhatsApp» platformalaryna eýeçilik edýän «Meta»-nyň girdejisi 22% artyp, 47,5 milliard amerikan dollary girdeji gazanypdyr. Degişli döwürde kompaniýanyň arassa peýdasy 36% ýokarlanyp, 18,3 milliard amerikan dollaryna ýetipdir.