Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda düzüminde 30 müňden gowrak hususy telekeçileri jemleýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda gazanýan üstünlikleri giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly ilçiler, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forum gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly myhmanlar, telekeçiler, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Aýdym-saz beslenen açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň sergä hem-de halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okaldy. Gutlag hatynda – Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de döwlet tarapyndan goldamak, işewürlik ulgamyny kämilleşdirmegiň hasabyna ykdysadyýetde hususy pudagyň paýyny artdyrmak we jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 72,9 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmakda, durnukly ösüşini üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň nusgalyk işleri esasy daýanjymyz bolmalydyr – diýlip bellenilýär.


Sergide oba hojalygy, azyk önümçiligi, aýakgap we deri önümçiligi, gurluşyk, gurluşyk materiallary önümçiligi, mebel we dürli öý bezeg önümleri, dokma we beýleki pudaklarda iş alyp barýan hususy pudagyň wekilleri öz önümlerini tanyşdyrdy.
Türkmen telekeçileri daşary ýurtdan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilige has köp üns berip, häzirki wagtda alkogolsyz içgiler, süýji we konditer önümleri, dürli hilli gök-bakja we miwe önümçiliginde ýola goýmakda uly tejribe gazandylar. Soňky ýyllarda telekeçileriň eýeçilik edýän ýyladyşhanalarynda ýylyň ähli paslynda ilatymyzy ter gök önümleri bilen üpjün etjek önümçilik ýola goýuldy.


Şeýle hem sergide aýakgap we deri önümçiligi, dokma önümleriniň önümçiligine ýöriteleşen türkmen telekeçileriň, mundan başga-da gurluşyk we mebel önümçiligindäki hususy pudagyň wekilleriniň önümleri daşary ýurtly myhmanlara uly gyzyklanma döretdi.
Sergi bilen utgaşykly geçiriljek halkara forum maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de özara bähbitli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdiriler. Forumyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklar we işewür gepleşikler geçirilýär.


Sergi 19-njy martda öz işini tamamlaýar.