Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Terjime – medeniýetleriň dialogy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda oňa gatnaşyjylar institutda öwrenilýän 13 sany daşary ýurt dilinden (iňlis, rus, italýan, ispan, fransuz, nemes, hytaý, koreý, ýapon, hindi, arap, pars we türk dilleri) tanymal daşary ýurtly ýazyjylaryň öň çap edilmedik eserlerinden alnan bölekleriň çeper terjimesini türkmen diline ýerine ýetirmeli boldular.
Bäsleşigiň eminler topary terjime işlerine tekstiň mazmunynyň takyk berlişini, stilistik talaplara laýyklygyny hem-de türkmen edebi diliniň kadalarynyň berjaý edilişini seljermek arkaly baha berdi.
Ýeňijiler we baýrakly orunlara mynasyp bolanlar Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň adyndan diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy. Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Şemşat Azadowa (I orun), rus dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Humaý Muhaýewa (II orun), Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Arslan Tejenow, şol fakultetiň 3-nji ýyl talyby Merýem Meredowa hem-de ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Merjen Gubaýewa (III orun) bäsleşigiň ýeňijileri boldular.

Çeşme: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty.