Elektroulag öndürijisi “Tesla”, milliarder Ilon Maskyň eýeçiligindäki beýleki bir emeli aň işläp düzmeleri bilen meşgullanýan “xAI” kompaniýasyna 2 milliard dollar maýa goýýandygyny mälim etdi. Bu ädim Maskyň “Tesla”-ny diňe bir elektroulaglara ýöriteleşen kompaniýadan, emeli aňa gönükdirilen has uly kärhana öwürmek strategiýasyna doly laýyk gelýär we bu kompaniýanyň bazar bahasyny 1,5 trillion dollar artdyrar.
“Tesla” şeýle hem, şu ýyl meýilnama laýyklykda, “Cybercab” robotaksileriniň önümçiliginiň dowam etjekdigini tassyklady. “Tesla”-nyň maliýe direktory Waýbhaw Taneja kompaniýanyň adam görnüşli robotlaryň önümçiligini hem artdyrýandygyny we çaklamalara görä, şu ýyl düýpli çykdajylaryň 20 milliard dollardan geçjekdigini mälim etdi. Bu maýa goýumlar 2025-nji ýyl üçin bellenen 8,5 milliard dollardan ep-esli ýokary bolar, bu bolsa “Tesla”-nyň emeli aň we robototehnika pudagyndaky agressiw giňelmesini görkezýär.
“Tesla”-nyň 2025-nji ýyldaky girdejisi, takmynan, 3% peselip, 94,83 milliard dollara golaý boldy. Bu bolsa kompaniýanyň girdejisiniň ilkinji ýyllyk peselmesidir. “Tesla” önümçilik göwrümini saklap galmak üçin iň köp satylýan modelleriniň arzanladyşlaryna we has elýeterli görnüşlerine bil baglady. “Wall street”-iň bilermenleri kompaniýanyň 2026-njy ýylda 1,77 million awtomobil satjakdygyny çaklaýarlar. Bu bolsa öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 8,2% köpdür.
PDF








