Elektroulag önümçiligi bilen meşgullanýan “Tesla”-nyň Ýewropadaky satuwy 2026-njy ýyla geçilenden soňra hem dowam etdi. Amerikan kompaniýasynyň Fransiýadaky satuwy soňky 3 ýylyň iň pes derejesine düşdi. Fransiýanyň awtomobil platformasynyň (PFA) maglumatyna görä, ýanwar aýynda “Tesla”-nyň satuwy 42% peselip, 661 sany bolupdyr.
Dünýäniň iň köp elektroulagly ýurtlarynyň biri bolan Norwegiýada 88 göterimlik pese gaçyşlyk hasaba alnyp, bary-ýogy 83 sany “Tesla” satylypdyr.
Ýewropada “Volkswagen AG”, “Stellantis NV”, “BYD Co.” ýaly kompaniýalar hem elektroulag satansoň, bäsdeşlik hem güýçlendi.
Fransiýa geçen ýyl Ýewropada elektroulag satuwynda Germaniýadan we Angliýadan soňra üçünji boldy. Ýewropa awtomobil öndürijileri bileleşiginiň maglumatyna görä, geçen ýyl tutuş Ýewropada “Tesla”-nyň satuwy 27 göterim azalan bolsa, umumy elektroulag satuwy 30 göterim artypdyr.
PDF









