“Samsung Electronics” bilen “Tesla” kompaniýalary umumy bahasy 16,5 milliard dollarlyk şertnama gol çekdiler. Ylalaşygyň çäklerinde koreý brendi elektroulag öndürijisini ýarymgeçiriji önümleri bilen üpjün eder. Ylalaşygyň geçen ýylyň 26-njy iýulynda ýola goýlandygy we 2033-nji ýyla çenli dowam etjekdigi mälim edildi.
“Tesla”-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask: “Samsung-yň Tehasdaky täze äpet fabrigi täze nesil AI6 çipini öndürmäge niýetlener. Samsung häzirki wagtda AI4 öndürýär. TSMC bolsa, golaýda dizaýny tamamlanan AI5-i ilki Taýwanda, soňra Arizonada öndürer.” diýip belledi.
Mundan ozal “Samsung” ikinji tarapyň “täjirçilik syrlaryny goramagy” talap edendigini öňe sürüp, haýsy kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edýändigini aýtmandy.