Amerikan aýdymçysy Teýlor Swiftiň baýlygy 2 milliard dollara çenli ýokarlandy. Bu barada “Forbes” žurnaly ýazýar.
Neşir aýdymçynyň baýlygynyň 2026-njy ýyla çenli 2 milliard dollara ýetendigini belleýär. Ol “Eras Tour” syýahatyndan gelen girdejiler we öz saz katalogynyň gymmaty sebäpli 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda milliarder boldy.
Žurnal Swiftiň milliarderleriň reýtingine, ilkinji nobatda, öz döredijiligi we konsert işi arkaly giren sazandalaryň ilkinjisidigi belledi. Onuň baýlygy awtorlyk galam haky we gastrollar arkaly toplanan, takmynan, 800 million dollary, şeýle hem gymmaty 600 million dollar töweregi bolan saz katalogyny we 110 million dollara golaý gozgalmaýan emlägini öz içine alýar.