Futbolyň hojaýny FIFA tarapyndan berilýän The Best baýraklarynyň bu ýylky dalaşgärleri mälim edildi. Erkekleriň arasynda ýylyň iň gowy futbolçysy baýragyna dalaşgär görkezilen 11 futbolçynyň 4-si Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi PSŽ-niň futbolçylary bolup, olar “Altyn top” baýragyny gazanan Usman Dembele, Aşrah Hakimi, Nunu Mendeş hem-de Witinýa dagydyr. “Barselonadan” hem 3 futbolçy – Pedri, Rafinýa we Lamin Ýamal dalaşgär görkezildi. “Bawariýanyň” iňlis hüjümçisi Harri Keýn bilen “Premier Ligadan” “Liwerpulyň” müsürli ýyldyzy Mohamed Salah hem-de “Çelsiniň” ýaş oýunçysy Koul Palmer “The Best FIFA” baýragyna dalaşgärlige hödürlendi.

Sanawa alnan futbolçylaryň 2024-nji ýylyň 11-nji awgustyndan 2025-nji ýylyň 2-nji awgustyna çenli görkezen başarnyklary göz öňünde tutuldy.

Şeýle-de, erkekleriň arasynda ýylyň iň gowy tälimçisi baýragyna-da 7 hünärmen dalaşgär görkezildi: Arne Slot, Enzo Mareska, Hansi Flik , Robert Martines, Mikel Arteta, Luiz Enrike hem-de Hawier Agirre.

Bulardan başga-da iň gowy goragçy, iň gowy derwezeçi, iň gowy hüjümçi baýraklarynyň, şol sanda zenanlaryň arasynda-da iň gowy futbolçy, tälimçi, derwezeçi, goragçy, hüjümçi ýaly ugurlaryň dalaşgärleri-de mälim edildi.

 

Iň gowy erkek futbolçy baýragynyň dalaşgärleri:

Usman Dembele  (Fransiýa) – PSŽ

Aşraf Hakimi (Marokko) PSŽ

Harri Keýn (Angliýa) – Bawariýa

Kilian Mbappe (Fransiýa) – Real Madrid

Nunu Mendeş (Portugaliýa) – PSŽ

Koul Palmer (Angliýa) – Çelsi

Pedri (Ispaniýa) – Barselona

Rafinýa (Braziliýa) – Barselona

Mohamed Salah (Müsür) – Liwerpul

Witinýa (Portugaliýa) – PSŽ

Lamin Ýamal (Ispaniýa) – Barselona

 

Iň gowy erkek tälimçi baýragynyň dalaşgärleri:

Arne Slot – Liwerpul

Enzo Mareska – Çelsi

Hansi Flik – Barselona

Robert Martines – Portugaliýanyň ýygyndysy

Mikel Arteta – Arsenal

Luiz Enrike – PSŽ

Hawier Agirre – Meksikanyň ýygyndysy