“Time” žurnaly “ýylyň adamy” hökmünde “emeli aň arhitektorlaryny” saýlady. Bu barada neşiriň saýtynda habar berilýär.
Žurnalyň daşky sahabynda meşhur “Gökdirändäki günortanlyk” fotosuratyna salgylanylýar. Onda “Meta” kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg, AMD-niň baş direktory Liza Su, “xAI”, “SpaceX” we “Tesla”-nyň baş direktory UIon Mask, “OpenAI”-nyň baş direktory Sem Altman, “Nvidia”-nyň baş direktory Jensen Huang, “DeepMind”-iň baş direktory Demis Hassabis, “Anthropic”-iň baş direktory Dario Amodeý we “ImageNet”-iň esaslandyryjysy Fei-Feý Liniň suratlary şekillendirilýär.
“Time” şu ýyl emeli aňyň esasy habarlarda agdyklyk edendigini belledi. “Ýylyň adamy” – bu bütin dünýäniň ünsüni durmuşymyzy kemala getirýän adamlara tarap çekmegiň güýçli usulydyr. Bu ýyl hiç kim emeli aňy oýlap tapanlardan, taslanlardan we ony döredenlerden has uly täsir galdyrmady – diýip, neşiriň saýtynda aýdylýar.
2024-nji ýylda “Time” Donald Trampy ýylyň adamy diýip atlandyrdy. Neşiriň maglumatlaryna görä, Trampyň syýasy taýdan täzeden janlanmagy Amerikanyň taryhynda deňsiz-taýsyzdyr.
PDF









