1912-nji ýylda “Titanigi” guran Belfastdaky “Harland & Wolff” gämi abatlaýyş kärhanasy täzeden işe başlar. Bu barada “Financial Times” habar berdi.

Üç ýyl ozal iňlis işewüri Jon Wud gämi abatlaýyş kärhanasyny 6 million ýewro (7,3 million dollar) satyn alypdy. Onuň tassyklamagyna görä, kompaniýa geçen aý Ispaniýanyň “Navantia” gämi gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçylygyndaky konsorsium bilen üç sany harby-ulag gämisini gurmak maksady bilen 1,6 milliard ýewrolyk (takmynan 1,8 milliard dollarlyk) şertnama baglaşdy.

Hojaýynynyň aýtmagyna görä, şeýle hyzmatdaşlyk  gämi abatlaýyş kärhanasyna we häzirki wagtda Beýik Britaniýanyň Demirgazyk Irlandiýa sebitine täze durmuş getirer. Täze şertnamalar önümçilik kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer we 700-e golaý goşmaça iş ornuny döreder.

Neşiriň belleýşi ýaly, “Harland & Wolff” gämi abatlaýyş kärhanasy 1861-nji ýylda gurlupdyr, ýöne geçen asyryň ahyrynda Ýewropadaky we Aziýadaky kompaniýalaryň bäsdeşligi sebäpli pese düşüp başlapdyr. Gämi abatlaýyş kärhanasy 2003-nji ýyldan bäri gämi gurmandyr.

“Titanik” ýolagçy gämisi 1912-nji ýylyň 10-njy aprelinde özüniň ýeke-täk syýahatyna ugrap, Sautgemptondan ýola düşüpdir. Ol 14-nji aprelden 15-nji aprele geçilen gije Demirgazyk Atlantikanyň suwlaryndaky buzdagy bilen çaknyşyp, 2 sagat 40 minutdan soň gark bolupdyr. Heläkçiligiň netijesinde takmynan 1,5 müň adam aradan çykyp, 712 ýolagça we ekipažyň  agzalaryna halas bolmak başardypdyr.