“Titanik” filminiň baş gahrymany Rozany halas eden gapy ABŞ-nyň “Heritage” auksionyna çykarylar. 20-24-nji martda guraljak auksionda gapa birbada 40 müň dollar baha kesiler diýip, auksionyň web saýty habar berýär.
Auksionyň wekilleri bu gapynyň 1912-nji ýylda “Titanik” gark bolandan soň saklanyp galan iň meşhur bölekleriň esasynda ýasalandygyny ýaňzydýarlar. Mundan başga-da, Rozanyň filmiň ahyrky sahnalarynda geýen şifon köýnegi auksiona çykarylar.
Gapynyň uzynlygy, takmynan, 2,44 metre we ini 1,04 metre barabar. Ýatlap geçsek, filmiň ahyrynda gapy böleginde Roza (Keýt Winslet) halas bolýar, emma Jek (Di Kaprio) bolsa söýgülisi üçin özüni pida edip, sowuk suwda doňýar. Filmiň synçylary uzynlygy iki ýarym metrden geçýän agaç böleginiň üstüne gahrymanlaryň ikisiniň hem ýerleşip biljekdigini belleýärler.