1997-nji ýylyň 19-njy dekabrynda ABŞ-da kanadaly režissýor Jeýms Kemeronyň «Titanik» filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Bu film Jek bilen Rozanyň arasyndaky tolgundyryjy söýgi wakasy bilen tomaşaçylary özüne çekip, 11 ugur boýunça «Oskar» baýragyny aldy we öz döwrüniň iň köp girdeji gazanan filmine öwrüldi. Režissýor filmi «Titanik» atly gäminiň heläkçilige uçramagy bilen baglanyşykly taryhy maglumatlara esaslanyp döretdi. Filmde Leonardo Di Kaprio (Jek) we Keýt Winslet (Roza) baş keşpleri ýerine ýetirýärler.
PDF









