1912-nji ýylyň 10-njy aprelinde Britaniýanyň «Titanik» laýneri Sautgempton portundan ilkinji we soňky syýahatyna ugrady. Şol döwürde dünýäniň iň uly ýolagçy gämisi bolan bu gäminiň beýikligi 11 gatly jaýa barabardy. 14-nji aprel gijesi laýner Demirgazyk Atlantikada aýsberg bilen çaknyşdy we gark boldy. Diňe 711 adam halas edildi, 1513 adam wepat boldy. Bu pajyga parahatçylyk döwründe bolup geçen taryhdaky iň uly heläkçilikleriň birine öwrüldi.
PDF









