Hytaýyň BYD kompaniýasy Ýewropa ýurtlarynda elektroulaglar üçin aşa tiz zarýad berýän beketleri gurmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Stella Li geljek bir ýylyň dowamynda sebitde hyzmatdaşlary bilen bilelikde infrastruktura gurmak üçin gepleşikleri geçirýändigini mälim etdi. Li Ýewropadaky satuwlarynyň her aýda 10% töweregi artýandygyny aýdyp, Ýewropada täze önümçilik desgalaryna hem maýa goýum gönükdirjekdiklerini belledi. BYD şu ýylyň ahyrynda Ýewropadaky ilkinji zawodynda awtoulag önümçiligine başlar.
Mähriban ORAZBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri.