“Astana Gazagystan-Türkmenistan-Owganystan-Pakistan geçelgesini ösdürmäge gatnaşmaga taýýardyr”. Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Pakistanyň “The News International” gazetine beren eksklýuziw interwýusynda mälim etdi.
-Biz bu taslamany sebit integrasiýasy we Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykmak üçin strategik taýdan ähmiýetli hasaplaýarys. Pakistanyň hem bu strategik taýdan möhüm ugurda ýakyn hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma görkezýändigi guwandyrýar – diýip, Tokaýew aýtdy.
Döwlet Baştutanynyň sözlerine görä, Gazagystan üstaşyr-ulag taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň işjeň we utgaşdyrylan derejede gatnaşmagyna bil baglaýar.