Gazagystanyň dolandyryjy partiýasy “Amanat” özüniň ozalky başlygy Kassym-Žomart Tokaýewi ýakyn wagtda geçiriljek saýlawlarda Prezidentlige dalaşgär hökmünde hödürledi.
“Amanat”-yň gurultaýy 20-nji noýabrda geçiriljek nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda geçirilýär. Partiýanyň häzirki başlygy Ýerlan Koşanow Tokaýewiň Respublikanyň döwletliligi goramaga kömek eden liderdigini aýtdy.
Kasym-Žomart Tokaýew 26-njy aprelde dolandyryjy partiýanyň başlygy wezipesinden çekildi we 5-nji oktýabrda haýsydyr bir guramadan däl-de, eýsem jemgyýetçilik-syýasy güýçleriň giň koalisiýasyndan saýlawlara gatnaşmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Onuň pikiriçe, bu Prezidentiň dürli partiýalardan we birleşiklerden deňlik ýörelgesini tassyklamaga mümkinçilik berer.
Gazagystanda döwlet Baştutanynyň saýlawlary şu ýylyň 20-nji noýabrynda geçiriler. Ýurtda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek işleri sentýabr aýynyň 23-ine başlady we 11-nji oktýabra çenli etdi.