24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň guramagynda Tokio şäherinde ýerleşýän «Imperial» myhmanhanasynda Türkmenistanyň milli baýramy – Garaşsyzlyk güni we hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasy geçirildi.
Kabul edişlige Ýaponiýanyň hökümetiniň agzalary, Parlamentiniň deputatlary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän kompaniýalarynyň, daşary ýurt Ilçihanalarynyň, halkara guramalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Ýaponiýada işleýän ildeşlerimiz we bilim alýan türkmen talyplarymyz gatnaşdylar.
Çäräniň resmi böleginde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow, Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri H.Fujii, Ýaponiýanyň Adalat ministri K.Suzuki we Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy T.Endo çykyş etdiler.
Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurdumyzy ösdürmek ugrundaky alyp barýan içeri we daşary syýasaty, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanylan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler hem-de türkmen-ýapon gatnaşyklary barada beýan edildi.
Mundan başga-da, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplarynyň, türkmen halysynyň we medeni gymmatlyklarynyň sergisi guraldy hem-de Türkmenistan barada tanyşdyryş wideolary görkezildi.
Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, myhmanlar üçin türkmen sazlary ýerine ýetirildi we milli tagamlar hödür edildi.