Şu ýylyň başynda Nýu-Ýorkda sürüjiler üçin girizilen töleg şäher gaznasyna 4 aýda 217 million dollar getirdi. Bu barada Nýu-Ýorkuň ulag edarasy “Metropolitan Transportation Authority” (MTA) habar berýär. Şeýle töleg ýol hereketiniň gyzyşan wagty käbir merkezi köçelere giriş üçin girizildi. Mysal üçin, Manhettendäki 60-njy köçeden günorta tarapa geçmek üçin sürüjiler sagadyna 9 dollar tölemeli.
Hasaplamalara görä, täze nyrh ýylyň ahyryna çenli 500 million dollara çenli girdeji getirip biler. Toplanan pullar şäherde jemgyýetçilik ulagyny, şol sanda Nýu-Ýork metropolitenini döwrebaplaşdyrmaga gönükdiriler. Mundan başga-da MTA-nyň nyrh düzgünnamasy dyknyşyklara garşy göreşmegi we Nýu-Ýorkuň merkezinde howanyň hilini gowulandyrmagy göz öňünde tutýar. Häzire çenli ABŞ-nyň megapolislerinde şeýle ulag tölegi bolmandy.
MTA-nyň maglumatlaryna görä, täze düzgün, hakykatdanam, şäheriň köçelerindäki hereketi ep-esli azaltdy. 5-nji ýanwarda girizilenden bäri Manhetten sebitine geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan, 8 million awtoulag az giripdir.