1-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew toplum tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna we tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, agentlige degişli myhmanhanalarda dynç alýanlary kabul etmek we olara ýokary hilli hyzmat etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Möwsümde ýolagçy otly gatnawlarynyň tassyklanan tertibinden başga-da, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça goşmaça ýolagçy gatnawlaryny guramak, Balkanabat Halkara howa menzili — Türkmenbaşy, Türkmenbaşy demir ýol menzili — Awaza we Aşgabat — Awaza ugurlary boýunça yzygiderli awtobus hem-de Aşgabat, Daşoguz, Mary, Türkmenabat, Kerki Halkara howa menzillerinden Balkanabat Halkara howa menziline täze ýolagçy howa gatnawlaryny ýola goýmak, gatnawlaryň sanyny artdyrmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, maslahata gatnaşyjylaryň maksatnama boýunça çärelere gatnaşmagyny üpjün etmek üçin, olary ýurdumyza ýörite howa gatnawlary bilen getirmek, garşy almak we ugratmak, zerur ulag serişdeleri bilen üpjün etmek meselesine gözegçilik etmegiň möhümdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ulag we kommunikasiýalar toplumyna degişli myhmanhanalarda taýýarlyk işlerini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.