Italiýanyň Kubogy ýaryşynda “Interden” soň 2-nji ýarym finalçy belli boldy. “Interiň” “Torinony” 2-1 hasabynda utup ýaryşdan çykarmagyndan soň, Lombardi welaýatynyň başga bir topary “Atalanta” Turiniň beýleki klubuny, has meşhur topary “Ýuwentusy” ýeňlişe sezewar etdi. 3-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Atalantanyň” gollaryny 27-nji minutda penaltiden Skamakka, 77-nji minutda Sulemana hem-de 85-nji minutda Paşaliç derwezä girizdi. Italiýanyň Kubogy ýaryşynda beýleki 2 ýarym finalçy geljek hepdede oýnaljak çärýek finalyň galan 2 duşuşygyndan soň belli bolar. 10-njy fewralda “Napoli” “Komony”, 11-nji fewralda-da kubogyň häzirki eýesi “Bolonýa” “Lasiony” kabul eder.
PDF









