Dün­ýä­de hä­zir­ki wagt­da ula­nyl­ýan dür­li gu­ral­laryň, mad­da­laryň, der­man se­riş­de­le­riniň we beý­le­ki zat­la­ryň kö­pü­si tö­tän­le­ýin di­ýen ýa­ly oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Ola­ryň ara­syn­da iý­mit önüm­le­ri hem bar. Ine, ola­ryň kä­bi­ri:

Buz­ly doň­dur­ma: to­mus pas­lyn­da köpleriň ha­la­ýan iý­mit­le­ri­niň bi­ri bo­lan doň­dur­ma­nyň bu gör­nü­şi­ni 11 ýaş­ly ça­ga­jyk oý­lap tap­ýar. 1905-nji ýyl­da San-Fran­sis­ko­da Frenk Ep­per­son at­ly og­lan­jyk su­wa ga­bar­dy­jy kül­ke (dü­zü­mi nat­riý bi­kar­bo­nat) go­şup oý­na­ýan eken. Frenk içi­ne ga­bar­dy­jy kül­ke garylan su­wy gi­je eýwanda go­ýup­dyr. Er­te­si ir­den su­wuň do­ňup bu­za öw­rü­len­di­gi­ni gö­rüp­dir we öz ýaşyn­da­ky äh­li ça­ga­nyň edip bi­läý­jek işi­ni edip­dir – bul­du­rap gö­rün­ýän bu­zy da­dyp gö­rüp­dir. Ne­ti­je­de, her to­mus ça­ga­la­ryň hö­wes bi­len sa­tyn al­ýan buz­ly doň­dur­ma­sy peý­da bol­ýar.
Eme­li süý­je­di­ji: bu iý­mit go­şun­dy­sy adaty şe­ke­riň de­re­gi­ne ula­nyl­ýar. Bu iý­mi­tiň ka­lo­ri­ýa­sy ýok di­ýerlik derejede az. 1879-njy ýyl­da ABŞ-nyň Me­ri­lend şta­ty­nyň Bal­ti­mor şä­he­rin­dä­ki Jon Hop­kins uni­wer­si­te­tin­de iş­le­ýän rus hi­mi­gi Kons­tan­tin Fal­berg iş­den çy­kyp bar­ýan wag­ty elin­de süý­ji ta­ga­myň bar­dy­gy­ny aň­ýar. Ol mu­nuň la­bo­ra­to­ri­ýa­da aşa köp gaý­na­dy­lan hi­mi­ki ele­ment­ler­den bo­lup bil­jek­di­gi­ni pi­kir ed­ýär. Soň­ra bol­sa, hi­mi­ki ele­ment­ler­den ga­ryn­dy taý­ýar­la­ýar we he­mi­şe­lik ýa­şa­ýan ýe­ri Ger­ma­ni­ýa gaý­dyp ge­le­nin­de il­kin­ji süý­je­di­ji bo­lan sa­ha­ri­ni ön­dür­ýär.
Na­ços: ge­çen asy­ryň or­ta­la­ryn­da bir­nä­çe maş­ga­la Mek­si­ka­da­ky gar­ba­nyş­ha­na­la­ryň bi­ri­ne bar­ýar. Gar­ba­nyş­ha­na­nyň eýe­si Ig­na­sio Ana­ýa köp­lük bo­lup ge­len müş­de­ri­le­ri­ne gys­ga wagt­da ta­gam taý­ýar­la­ma­ly bol­ýar. Ana­ýa bu se­bi­tiň meş­hur la­wa­şy ha­sap­lan­ýan tor­til­la­la­ry ke­siş­di­rip gyz­dyr­ýar we üs­tü­ne dür­li iý­mit­ler go­ýuş­dy­ryp müş­de­ri­le­re hö­dür ed­ýär. Il­kin­ji ge­zek taý­ýar­la­nan bu ta­gam müş­de­ri­le­riň göw­nün­den tur­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, onuň ady­ny so­ra­ýar­lar. Ol bol­sa kel­le­si­ne ge­len il­kin­ji ady aý­dyp goý­ber­ýär – «Nacho’s Es­pecia­les». Hä­zir­ki wagt­da di­ňe naços ady bi­len ýör­gün­li bo­lan bu na­har gyz­dy­ry­lan tor­til­la­nyň üs­tü­ne zeý­tun, peý­nir, ajy burç we beý­le­ki hu­ruş­la­ryň go­ýul­ma­gy bi­len taý­ýar­lan­ýar.
Fun­duk kre­mi: 1940-njy ýyl­lar­da ita­li­ýa­ly nan­baý Pýet­ro Fer­re­ro şo­ko­la­dyň de­re­gi­ne ula­nyp bol­jak ar­zan ba­ha­ly iý­mi­ti döretmegiň aladasyny edýär. Bir­nä­çe sy­na­ny­şyk­dan soň­ra hä­zir­ki wagt­da er­tir­lik­de iýil­ýän fun­duk kre­mi­ni oý­lap tap­ýar. Aşpez bu iý­mi­ti taý­ýar­la­mak üçin fun­duk, şe­ker we bi­raz ka­kao­ny ga­ryş­dy­ryp­dyr.
Peý­nir­li mek­ge­jö­wen taýajyklary: ada­ty ak pat­rak­dan baş­ga-da, mek­ge­jö­wen­den çi­şi­ri­lip taý­ýar­lan­ýan iý­mit hem ön­dü­ril­ýär. Mek­ge­jö­wen ta­ýa­jyk­la­ry ady bi­len sa­tyl­ýan bu iý­mi­tiň süý­jü­li, süý­ji­siz we dür­li ta­gam­ly gör­nüş­le­ri bar. Ge­çen asy­ryň 30-njy ýyl­la­ryn­da bu iý­mit il­ki­baş­da mal­lar üçin iým hök­mün­de oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Eduard Wil­son at­ly ame­ri­kan in­že­ne­ri bu iý­mi­te ys­ly ot­lar go­şu­lan­da gar­ban­mak üçin go­wy iý­mit­le­r bol­jak­dy­gy­na göz ýe­tirýär.
Hawai piz­za: bu iý­mi­ti 1950-nji ýyl­lar­da Ka­na­da­dan Gre­si­ýa gö­çüp ba­ran do­gan­lar oý­lap tap­ýar. Do­gan­lar öz res­to­ran­la­ryn­da dür­li del ta­gam­la­ry taý­ýar­lap­dyr­lar. Şol dö­wür­de duz atyl­ýan ta­gam­la­ra şe­ker, şe­ker go­şul­ýan ta­gam­la­ra bol­sa duz atyl­ma­ýan eken. Do­gan­la­ryň bi­ri ta­ga­my­nyň nä­hi­li bol­jak­dy­gy­ny bi­le­si ge­lip, piz­za­nyň üs­tü­ne ana­nas bö­le­jik­le­ri­ni se­pe­leş­dir­ýär. Ne­ti­je­de, ABŞ-nyň 50-nji şta­ty­nyň ady­ny gö­ter­ýän ta­gam peý­da bol­ýar.
Doň­dur­ma kö­ke­si: adam­lar köp ýyl­dan bä­ri ka­gyz bö­le­jik­le­ri­ni ko­nus gör­nü­şin­de ep­läp onuň içi­ne çi­git, to­hum ýa­ly zat­la­ry guý­mak üçin ulan­ýar­lar. 1904-nji ýyl­da ABŞ-nyň Mis­su­ri şta­ty­nyň Sent-Lu­is şä­he­rin­de Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si ge­çi­ril­ýär. Ser­gi­de öz ta­gam­la­ry­ny myh­man­la­ra hö­dür ed­ýän Er­nest A. Ham­wi at­ly aş­pe­ziň taý­ýar­lan doň­dur­ma­sy­ny gu­ýup ber­mek üçin ga­by gu­tar­ýar. Ol ba­da-bat bi­şip du­ran waf­li­le­ri ko­nus gö­rnü­şin­de ep­läp, içi­ne doň­dur­ma guýup hö­dür edip baş­la­ýar. Doň­dur­ma­ny kö­ke bi­len bi­le­lik­de iý­mek müş­de­ri­le­riň hem göw­nü­ne ýa­ra­ýar. Ne­ti­je­de, doň­dur­ma kö­ke­le­ri peý­da bol­ýar.