Angliýanyň çempionaty “Premier Ligada” agyr günleri başdan geçirýän “Tottenham” topary ýene-de tälimçisini ugratdy. Möwsüme Tomas Frankyň tälimçiligi bilen başlan londonlylar 13-nji fewralda horwatiýaly Igor Tudory maýyň ahyryna çenli wezipä belläpdi. Ýöne “Tottenham” onuň ýolbaşçylygynda “Premier Ligada” ýeke oýunda-da ýeňiş gazanyp bilmedi. Klub Tudoryň tälimçiliginde umumylykda 7 oýunda 1 ýeňiş hem-de 1 deňlik gazandy. Tudor 43 günde wezipesinden boşadylyp, ol APL-de klubdan iň çalt ugradylan 5 tälimçiniň biri boldy.
Topara indi kimiň tälimçi boljakdygy häzirlikçe belli bolman, klubuň ýolbaşçylary käbir hünärmenler bilen gepleşikleriň geçirilip başlanandygyny habar berdi.
“Tottenham” topary 31 duşuşykdan soň 30 utuk bilen aşaky liga düşýän 3 ornuň 1 basgançak ýokarysynda, 17-nji orunda barýar.
PDF









