Anglýanyň çempionaty Premier Ligada mundan öňki tapgyrda öz meýdançasynda “Brentfordan” asgyn gelen (3-2) “Nýukasl” topary 26-njy tapgyrda “Tottenhamy” myhmançylykda Tiaw hem-de Remziniň gollary esasynda 2-1 hasabynda utdy. Bu ýeňlişden soň “Tottenham” toparynyň tälimçisi Tomas Frank wezipesinden boşadyldy. 52 ýaşyndaky daniýaly hünärmen geçen ýylyň iýunynda bu wezipä bellenipdi. Londonlylar onuň tälimçiliginde 38 oýun geçirip, şolarda 13 ýeňiş gazandy. 14 duşuşykda utulyp, 11 oýunda-da deňme-deň oýnady. “Tottenham” topary Çempionlar Ligasynda şowly çykyş etse-de, “Premier Ligada” 8 oýundan bäri ýeňiş gazanyp bilmän gelýärdi we topar 16-njy orunda barýar. Tomas Frank “Tottenhamdan” öň Londonyň başga bir topary “Brentfordy” türgenleşdirip, bu klubda şowly netijeler gazanypdy. Ol bu klubdan ozalam Daniýanyň “Brondbýu” toparynyň tälimçisi bolupdy.