Golaýda Igor Tudory gysga wagtlyk tälimçiliginden ugradan “Tottenham” topary täze tälimçisini mälim etdi. Demirgazyk londonlylar italiýaly hünärmen Roberto de Zerbini wezipä belledi. 46 ýaşyndaky hünärmen “Tottenham” bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. De Zerbi golaýda “Marsel” toparyndaky wezipesini taşlap, ol 2024-nji ýylyň tomsundan bäri fransuz klubuny türgenleşdirip gelýärdi.
De Zerbi karýerasy boýunça “Marselden” öň Italiýada “Darfo Boario”, “Fojja”, “Palermo”, “Benewento”, “Sassuolo”, Ukrainada “Şahtýor Donesk”, Angliýada “Braýton” toparlaryna tälim berdi.
“Tottenham” topary 31 duşuşykdan soň 30 utuk bilen aşaky liga düşýän 3 ornuň 1 basgançak ýokarysynda, 17-nji orunda barýar. “Tottenham” topary 1977-nji ýyldan bäri Angliýanyň iň ýokary ligasynda yzygiderlilikde çykyş edip gelýär.
PDF









