Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda dürli medeni hem-de halkara derejesindäki çäreler giň gerimde geçirilýär, olar ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar il-ulsumyz ýurdumyzda toýlanýan şanly seneleriň, baýramlaryň dabarasyny uludan tutýar. Munuň şeýledigini şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýän Gurban baýramy, onuň öň ýanynda iýun aýynyň 2-7-si aralygynda ýurdumyzda geçiriljek iri halkara medeni çäreleri – «Awaza – dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly, 3-nji iýunda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişi şu aýyň soňky günlerinde giňden belleniljek Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni aýdyňlygy bilen görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, umumadamzat medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýän Gurban baýramy Gündogar halklary bilen birlikde türkmen halkynyň hem asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere dowam edip gelýän belent ahlak gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ynanç-ygtykatlaryny özünde jemleýär, parahatçylygy, dostlugy we ynsanperwerligi dabaralandyrýar.
Medeniýet ulgamyndaky dialog häzirki döwletara gatnaşyklaryň özboluşly sazlaşygydyr. Türkmenistanyň umumy medeniýetlerde möhüm ornunyň bolmagy köp babatda ruhy köklere wepalylyk, ruhy mirasyň, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy bilen döredilen köpasyrlyk özboluşly däp-dessurlarynyň aýawly saklanylmagy bilen şertlendirilendir.
Döredilen ygtybarly maddy-enjamlaýyn binýat medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ajaýyp teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, kinoteatrlar, şeýle hem kinokonsert we sergi zallary, açyk sahna meýdançalary hereket edýär. Olaryň hatarynda «Türkmeniň ak öýi» ýaly täsin binalar bar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap medeniýet öýleri we medeni-dynç alyş merkezleri guruldy. Olaryň hatarynda Aşgabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi hem bar. Bu merkez hem türkmen toýlarynyň esasy merkezi bolup hyzmat edýär. Aslynda, türkmen halky dabara tutmakda milli däplere berlen, aýratyn-da toý toýlamakda uly yhlasyny siňdirýän millet. Toý däpleri bolsa, şeýle milli ýörelgeleriň esasyny düzmek bilen, dini garaýyşlary-da, gadymy ynanç-ygtykatlary hem özüne jemläpdir. Bu babatda köne dessurlar öz gezeginde täze ýörelgeler bilen sazlaşyp, özboluşly gyzgalaňy – türkmen toýlaryny döretdi.
«Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» türkmen milli aýdym we tans dessurynyň, şeýle hem dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli sungatymyzyň hem-de halkymyzyň bu beýik sungaty dörediji milletdiginiň bütindünýä ykrarnamasy boldy. Şeýle beýik sungaty döreden halkymyzyň ruhy baýdyr, türkmen halky ruhubelent milletdir.
Ýazmyrat GULMYRADOW,
Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň medeni usulyýet merkeziniň usulyýetçi maslahatçysy.