ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 15-nji awgustda Alýaskada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmakçydygyny mälim etdi. Tramp bu barada “Truth Social” jemgyýetçilik torunda ýazdy.
“Men, ýagny, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky köpden bäri garaşylýan duşuşyk, 2025-nji ýylyň 15-nji awgustynda Alýaska ştatynda geçiriler. Duşuşygyň jikme-jiklikleri barada basym mälim ediler” diýip Tramp ýazdy.