ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp şu ýylyň 20-nji ýanwarynda wezipesine girişeninden bäri mundane ozalky wezipe möhletiniň dört ýylynda (2017-2021ý.ý) gol çeken kararlaryndan hem has köp karara gol çekdi. Bu barada “Washington Post” gazeti habar berýär.
Trampyň 15-nji dekabrda gol çeken opioid fentanili köpçülikleýin gyryş ýaragy hökmünde kesgitleýän karary onuň wezipä başlanyndan bäri 221-nji permany bolandygy bellenilýär. Tramp 2017-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli ilkinji möhletinde 220 sany karara gol çekdi.
Tramp doly bolmadyk ikinji prezidentligi döwründe ykdysadyýet, hukuk we medeniýet ýaly dürli ugurlara degişli permanlara gol çekdi. Gazet olaryň dörtden bir böleginiň ykdysadyýet we söwda syýasaty bilen baglanyşyklydygyny belleýär.
Prezident öz permanlary arkaly import salgytlaryny girizdi, immigrasiýa kanunlaryny üýtgetdi, beýleki ýurtlara berilýän kömegi çäklendirdi we ýaragly güýçleri özgertdi. Mundan başga-da, Tramp ikinji möhletini başlanda öňki Prezident Jo Baýdeniň çykaran onlarça permanyny ýatyrdy we Birleşen Ştatlaryň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyndan (BSGG) çykmagy, dogluş hukugy boýunça ABŞ-nyň raýatlygynyň berilmegini çäklendirmegi we federal derejede ölüm jezasyny dikeltmegi baradaky resminamalara gol çekdi.
Gazetiň belleýşi ýaly, 12-nji dekabra çenli Trampyň şu ýyl gol çeken permanlarynyň üçden bir bölegine kazyýetde garşy çykylýar.
PDF









