ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp jemgyýetçilik torundaky akkaundynda Indoneziýa bilen söwda şertnamasyna gol çekilendigini mälim etdi. Ol Indoneziýanyň Prezidenti Prabowo Subianto bilen telefonda gepleşenden soňra möhüm ylalaşygy tamamlandygyna ünsi çekip, bu ylalaşygyň bir bölegi hökmünde Indoneziýanyň ABŞ-dan 15 milliard dollarlyk energiýa, 4,5 milliard dollarlyk oba hojalyk önümi we köpüsi “777” modeli bolan 50 “Boeing” uçaryny satyn almagy wada berendigini ýazdy. Ol amerikan daýhanlarynyň ilkinji gezek 280 milliondan gowrak ilatyň ýaşaýan Indoneziýa bazaryna doly we kemsiz girip biljekdigini aýtdy. Tramp akkaundynda: “Mundan başga-da Indoneziýanyň bize eksport edýän ähli harytlary üçin 19 göterimlik salgyt tölär, ABŞ-nyň Indoneziýa eksportynda bolsa, nyrhnama we nyrhnamadan daşgary päsgelçilikler bolmaz” diýip ýazdy.
Indoneziýanyň Prezidenti Subianto bolsa, Instagram akkaundynda “Prezident Donald Tramp bilen örän gowy söhbetdeşlik geçirdik. Bilelikde biz Indoneziýa bilen ABŞ-nyň arasynda söwda gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn bähbitli täze döwrüne geçmek babatda ylalaşdyk we netije geldik” diýip ýazdy.
Maglumatlara görä, ABŞ Indoneziýanyň eksport edýän ýurtlarynyň arasynda Hytaýdan soňra ikinji ýerde durýar.