ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň kosmos üstünligini üpjün etmek baradaky karara gol çekdi. Resminama Ak Tamyň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradyldy.
Resminamada “amerikan astronawtlaryny 2028-nji ýyla çenli Aýa gondurmagyň” we 2030-njy ýyla çenli ol ýerde hemişelik baza döretmegiň zerurdygy bellenilýär. Trampyň administrasiýasy şeýle hem 2028-nji ýyla çenli ABŞ-nyň kosmos pudagyna 50 milliard dollar maýa goýumyny çekmek we “2030-njy ýyla çenli Halkara kosmos stansiýasynyň ornuny tutjak täjirçilik ýoluny” maksat edinýär.
Beýleki ileri tutulýan ugurlaryň arasynda Aýyň üstünde ýerleşdirmek üçin ýadro reaktorynyň işlenip düzülmegi bar; bu tehnologiýalar 2030-njy ýyla çenli işe girizilmäge taýýar bolmaly. Mundan başga-da, kararda Kosmos boýunça Milli geňeşiniň ýatyrylmagy we onuň ygtyýarlyklarynyň Ylmy-tehniki syýasat boýunça edara geçirilmegi göz öňünde tutulýar.