24-nji oktýabrda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Aziýa saparyna başlady. Saparyň dowamynda ol Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen birlikde sebitdäki esasy ýurtlaryň liderleri bilen duşuşar. Trampyň ýany bilen Döwlet sekretary Marko Rubio, maliýe ministri Skott Bessent we Söwda wekili Jeýmison Grir sapar edýär.
Trampyň uçary ýolugra Katarda düşledi. Ol bu ýerde, uçaryň içinde Kataryň Emiri Al Sani bilen duşuşdy. Soňra bolsa, Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherina bardy. ABŞ-nyň Prezidenti Malaýziýada ýurduň Premýer-ministr Anwar Ibragim bilen gepleşik geçirdi. Gepleşikleriň esasy temasy goranmak, howpsuzlyk, söwda we maýa goýum meseleleri boldy. Donald Tramp 26-28-nji oktýabr aralygynda bu ýerde geçirilen Günorta-Gündogar Aziýa Milletler Assosiasiýasynyň (ASEAN) sammitine gatnaşdy.
Foruma sebitiň liderlerinden we ABŞ-nyň Prezidentinden başga-da, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti, Hytaýyň hökümet Başlygy Li Sýan, Günorta Koreýanyň Prezidenti Li Çže-Men we Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa gatnaşdy. Mundan başga-da sammite Günorta Afrika Respublikasynyň, Kanadanyň, Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň liderleri hem gatnaşdy. Bu sammite guramanyň täze agzasy Gündogar Timor hem gatnaşdy. Sammitiň dowamynda ASEAN-yň we hyzmatdaş ýurtlarynyň wekilleri giň gerimli halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
27-nji oktýabrda ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýaponiýa sapary başlar. Döwlet Baştutany saparynyň dowamynda ýurduň taryhyndaky ilkinji zenan Premýer-ministr Sanae Takaiti bilen gepleşik geçirer, şeýle hem Imperator Naruhito bilen duşuşar.
Şondan soň, Tramp Günorta Koreýanyň Kençžu şäherine sapar edip, ol ýerde 30-njy oktýabrdan 1-nji noýabr aralygyna geçirilýän Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlygy (APEC) ýurtlarynyň liderleriniň 32-nji sammitine gatnaşar. Iş maksatnamasynyň çäginde ol Günorta Koreýanyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirer we sebitiň işewür toparlarynyň wekilleri bilen günortanlyk naharynda çykyş eder. Mundan başga-da, 30-njy oktýabrda sammitiň çäklerinde ol Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşmagyna garaşylýar.
APEC 1989-njy ýylda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň (APR) ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin döredildi we häzirki wagtda Russiýa we ABŞ ýaly 21 ýurdy birleşdirýär. APEC sebitde söwda gatnaşyklaryny güýçlendirmek üçin öňdebaryjy platformalaryň arasynda görnükli orun eýeleýär. G7 we G20 ýaly beýleki resmi däl guramalardan tapawutlylykda, APEC-iň Singapurda ýerleşýän hemişelik sekretariaty bar.
Maglumatlara görä, Tramp saparynyň dowamynda ýapon işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşmakçy. Ýaponiýanyň iň uly awtoulag öndürijileriniň biri bolan “Toyota Motor” kompaniýasy ABŞ-nyň Prezidentine amerikan zawodlarynda ýygnalýan awtoulaglary Ýaponiýa import etmäge başlamak niýeti barada habar bermegi meýilleşdirýär. “Toyota Motor” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Akio Toýoda taslamany amerikan wekiliýetine şahsy taýdan hödürlemekçi.
ABŞ-nyň Prezidenti Aziýa saparynyň dowamynda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen duşuşmaga isleg bildirýär.
PDF









