25-nji dekabrda Gondurasyň Milli saýlaw geňeşi ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan goldanylýan Milli partiýanyň wekili Nasri Asfurany Prezident saýlawlarynyň ýeňijisi diýip yglan etdi. Bu barada “BBC” gullugy habar berýär.
Asfura 40,3 göterim ses alyp, esasy bäsdeşi – sagçy-merkezçi Liberal partiýanyň wekili Salwador Nasralladan (39,5 göterimi) az-kem öňe saýlandy. Ýeňiş gazanan Asfura: “Gonduras, men ýurdy dolandyrmaga taýýar. Men siziň ynamyňyzy ödärin”diýip ýazdy.
Saýlawlar 30-njy noýabrda geçirildi, emma tehniki näsazlyklar sebäpli sesleriň hasaplamasy iki gezek yza süýşürildi. Döwlet Baştutanyndan we üç wise-prezidentden başga-da, Respublikanyň ýaşaýjylary Milli Kongresiň (bir palataly parlament) 128 agzasyny, Merkezi Amerika parlamentiniň (PARLACEN) 20 agzasyny, şeýle hem 298 şäher häkimini we 2 müň 168 şäher geňeşiniň agzasyny saýladylar. Prezident saýlawlary bir tapgyrda geçirilýär, ýeňiji ýönekeý köplük bilen kesgitlenýär.
Ilaty 10 million töweregi bolan Gonduras Respublikasy Merkezi Amerikada ýerleşýär. Paýtagty Tegusigalpa. Bu ýurt Günorta-gündogarda Nikaragua, günorta-günbatarda Salwador we günbatarda Gwatemala bilen serhetleşýär. Demirgazyk kenarlary Karib deňzi we günortada Ýuwaş ummany bilen ýuwulýar. Ol Merkezi Amerikada Nikaragua we Gwatemaladan soň ikinji uly we iň köp ilatly ýurtdur.