Golaýda Ak Tama dolanyp gelen Prezident Donald Trampyň keşbini Raşmor dagyndaky dört Prezidentiň ýadygärlikleriniň hataryna goşmak barada ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň agzasy Anna Paulina Luna teklip etdi.
Anna Paulina Luna kanun taslamasyny Kongresiň palatasynyň garamagyna hödürledi. Onuň aýtmagyna görä, Trampyň ABŞ-nyň bähbitlerine gönükdirilen maksatlary ykrar edilmegine mynasypdyr.
Ýadygärlikler toplumynda Jorj Waşington, Tomas Jefferson, Teodor Ruzwelt we Awraam Linkoln ýaly öňki Prezidentleriň keşpleri şekillendirilendir. Beýikligi 18,6 metr bolan ýadygärlikler toplumy 1927-1941-nji ýyllaryň dowamynda heýkeltaraş Gutzon Borglumyň ýolbaşçylygynda ABŞ-nyň esaslandyrylmagynyň 150 ýyllygyna bagyşlanyp döredildi. Bu toplum Günorta Dakotada ştatynda, Kistoun şäheriniň günorta-günbataryndaky daglykda ýerleşýär.