ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp “TrumpRx” atly hökümet saýtynyň işe girizilýändigini mälim etdi. Bu platforma arkaly amerikanlar dermanlary has amatly bahadan satyn alyp bilerler.
Mälim edilmegine görä, dermanlar gönüden-göni saýtda satylmaýar. Emma ulanyjylar ol ýerde resept boýunça berilýän dermanlary tapyp we olary satyn alanda näçe tygşytlap boljakdygyny bilip bilerler. Dermany arzan bahadan satyn almak üçin ýörite kupony ýükläp almaly we ony hyzmatdaş dermanhanalaryň birinde görkezmeli. Şeýle hem portal dermany gönüden-göni öndürijiden satyn almak mümkinçiligini görkezýär.
Saýt ýola goýlan pursatynda ol ýerde 40-a golaý derman serişdesini, şol sanda horlanmak üçin dermanlary tapmak mümkin boldy. ABŞ-nyň birnäçe derman kärhanalary öz önümlerini “TrumpRx” saýty arkaly arzanladyşly hödürlemäge eýýäm razylyk berdiler.
ABŞ derman söwdasynda dünýäniň iň gymmat bazarlarynyň biri hasaplanýar. Ýewropa we Aziýa ýurtlarynda, adatça, derman bazary has berk düzgünleşdirilýär we iň ýokary bahalar boýunça ýörite ylalaşyklar bar.