18-nji maýda Ýewropa gymmatlyklaryna eýerýän garaşsyz dalaşgär, Buhartestiň häkimi Nikuşor Dan Rumyniýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda 54,60% sese, onuň bäsdeşi, “Rumynlaryň jebisligi üçin bileleşigiň” lideri Jorje Simion bolsa, 46,40% sese eýe boldy. Bu barada Merkezi saýlaw toparynyň web sahypasynda habar berilýär. Rumyniýanyň habar beriş serişdeleri Dany saýlawda ýeňiji diýip yglan etdi.
Rumyniýada geçirilen Prezident saýlawlaryna gatnaşyk soňky 30 ýylda rekord derejede boldy. Ýurduň 11,6 milliondan gowrak raýaty ikinji tapgyrda ses berdiler. Saýlawlara gatnaşyk 64,72% bolup, 4-nji maýda geçirilen birinji tapgyra garanyňda, takmynan, 11% köpdir. Netijeleri ýatyrylan 2024-nji ýylyň ahyrynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ses berişlik 52,55% boldy, 2019-njy ýylda geçirilen öňki saýlawlarda rumynlaryň 47,66 göterimi birinji tapgyrda, 49,87 göterimi bolsa, ikinji tapgyrda ses berdiler.