“IFT 2026” halkara maýa goýum forumynda çykyş eden “Tudana” kompaniýasynyň baş direktory Batyr Rowşanow kärhananyň sebitde iň iri ir-iýmiş öndürijisine öwrülmek strategiýasy bilen tanyşdyrdy. Meýdany bir gektardan az bolan synag uçastogyndan ýokary tehnologiýaly agrosenagat toplumyna çenli ýoly geçen kompaniýa, meýdany 180 gektar bolan ýyladyşhana klasterini gurmak boýunça giň gerimli taslamany durmuşa geçirip başlady.
2029-njy ýyla çenli kärhananyň dolandyryşyndaky aktiwleriniň umumy meýdanynyň 210 gektara ýetmegine garaşylýar, bu bolsa kärhananyň Merkezi Aziýa bazarynda öňdebaryjy orunlary eýelemegini üpjün eder.
Energiýa serişdeleriniň elýeterli bolmagy, ýeriň uzak möhletleýin kärendesi we döwlet tarapyndan ýyllyk 1–5% çenli berilýän ýeňillikli karz goldawy ýurdumyzda agrosenagat pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin aýratyn şertleri döredýär.


Häzirki wagtda kärhana ýylda 1600 tonna ýertudana öndürip, her inedördül metrden 12–15 kg hasyl almak bilen ýokary netijeliligi görkezýär. Ösüşiň möhüm tapgyry doly tehnologik özbaşdaklyk boldy: kompaniýanyň 6 million nahal öndürmäge ukyply şahsy şitilhanasy, barlaghanasy we ylmy-barlag merkezi bar.
Ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerine goýlan maýa goýumlar hem-de “Tudana Akademiýasynyň” döredilmegi, kärhana diňe bir Ýewropanyň iň gowy görnüşlerini ýerli şertlere uýgunlaşdyrmaga däl, eýsem ir-iýmişleriň öz patentli görnüşini işläp düzmäge hem mümkinçilik berdi.
Işleriň geriminiň giňelmegi bilen bir hatarda, önümleri bökdençsiz eltmek üçin häzirki zaman sowadyjy ulaglar parkyny öz içine alýan şahsy logistika ulgamy hem ösdürilýär. “Tudana” brendli önümler eýýäm BAE-ne, Gazagystana we Özbegistana üstünlikli eksport edilýär.
Täze maýa goýum maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi kompaniýanyň eksport mümkinçiligini birnäçe esse artdyrmaga we Türkmenistanyň dünýä derejeli ekologiýa taýdan arassa hem-de ýokary tehnologiýaly oba hojalyk önümlerini iberiji hökmündäki abraýyny berkitmäge mümkinçilik berer.