Türk edebiýatynyň halypasy – şahyr, ýazyjy Ýawuz Bülent Bakiler 28-nji sentýabr güni 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
1936-njy ýylda Siwas welaýatynda dünýä inen Bakiler Ankara uniwersitetiniň hukuk fakultetini tamamlady. Ol žurnalistika we edebiýat bilen meşgullandy, ýurduň medeniýet ministrliginde zähmet çekdi, gazet-žurnallarda makala ýazdy. Onlarça kitabyň awtory bolan Bakiler beýleki türki halkara bolan gyzyklanmasy bilen hem tanalýar.